

Ispaniýanyň täze ilçisi öz ýurdunyň işewür wekiliýeti bilen Aşgabada geldi
4-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ispaniýanyň täze ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi


4-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ispaniýanyň täze ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi


3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanyň bagty – zeminiň bagty” ady bilen sergi açyldy. Onda muzeýiň gaznasyndan çeper eserler we gadymy hazynalar hödürlendi


Golaýda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň gurnamaklarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 7-nji çagalar bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagy işjeňleşdirmegiň ýollary» atly okuw-usuly maslahat geçirildi


Türkmen gazynyñ Türkiýä geçirilmegi iki ýurduñ arasyndaky ykdysady we strategiki gatnaşyklaryñ täze tapgyryny alamatlandyryp, ol global energetika bazaryna öz täsirini ýetirip bilýär.


Ýakynda Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Tehniki ugurlar boýunça daşary ýurt dilleri kafedrasynyň talyplarynyň taýýarlamaklarynda, türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry G.Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli "Çeper sözüň güýji Gurbannazar Ezizow” atly dabaraly çäre geçirildi


3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Dünýä şöhrat-şan sen, türkmen bedewi» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi


2025-nji ýylyñ mart aýynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyñ (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew Merkezi Aziýa ýurtlaryna resmi saparlary amala aşyrmagy meýilleşdirýär.


2025-nji ýylyñ 24-26-njy apreli aralygynda Stambul şäherinde "TÜYAP Büyükçekmece Fuar Merkezi" meýdançasynda "17-nji halkara Petroleum Istanbul sergisi" geçiriler.


OPEK+ guramasynyň sekiz ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, BAE, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden nebitiň gazyp alnyşyny ýokarlandyrmak baradaky kararyny tassykladylar.


Şu günki gün ekologiýa sowatlylygy we durnukly ösüş diňe bir öňe sürülýän ugur däl, eýsem zerurlyk bolup durýar. Howanyň üýtgemegine garşy göreş we tebigy serişdeleriň goraglylygy ählumumy ileri tutulýan ugurlara öwrüldi, Türkmenistan hem bu herekete öz goşandyny goşýar.


2025-nji ýylyň 5-nji martynda 14-nji Milli Halk ýygnagy Pekinde üçünji ýyllyk mejlisini açar. Ýyllyk sessiýanyň teklip edilýän gün tertibi hökümetiň iş hasabatyny gözden geçirmegi we 2024-nji ýyldaky milli ykdysady we durmuş ösüşi boýunça ýyllyk meýilnamanyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty we 2025-nji ýylda milli ykdysady we durmuş ösüş meýilnamasynyň taslamasyny gözden geçirmegi öz içine alýar


Hazarüsti optik süýümli kabel liniýasynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde möhüm resminama gol çekildi. Bu resminama Hazar deňziniň düýbünden optik süýümli aragatnaşyk liniýalaryny döretmek baradaky ylalaşygy tassyklaýar diýip, AZERTAJ habar berýär.


“Du” atly BAE-niň telekommunikasiýa prowaýderi täze “Travel” elektron SIM-karty çykardy. Ol BAE-niň howa menzillerinden üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin niýetlenen.


Hytaýda umumy gorlary 180 mln tonna barabar bolan slanes nebitiň iki sany iri ýataklary ýüze çykaryldy. Munuň özi ýurduň energetika pudagy üçin möhüm waka boldy.


3-nji martda, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.