Habarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary Kembrij şäherinde öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärlerTürkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary Kembrij şäherinde öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary Kembrij şäherinde öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler

Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Kembrij şäherine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem-de olary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen guralan okuw saparynda bolýarlar

Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda «Bir penjire» ulgamy arkaly amallaryň möçberi üç essä golaý artdyTürkmenistanyň gümrük nokatlarynda «Bir penjire» ulgamy arkaly amallaryň möçberi üç essä golaý artdy

Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda «Bir penjire» ulgamy arkaly amallaryň möçberi üç essä golaý artdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» sanly ulgamynyň işiniň jemlerini jemledi. 2025-nji ýyl boýunça statistika daşary söwdanyň giň möçberli özgerişe eýe bolandygyny tassyklaýar: elektron görnüşde resmileşdirilen rugsat beriji resminamalaryň sany 189 954-e ýetip, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,7 esse ýokary boldy