

Germaniýanyň Hytaýdan gün enjamlaryny satyn almagy 2022-nji ýylda €3,1 mlrd-dan geçdi
2022-nji ýylda Germaniýa gün elektrik stansiýalary üçin €3,6 mlrd möçbere golaý enjam satyn aldy, şunda Hytaýdan satyn alnan enjamlaryň möçberi €3,1 mlrd-dan biraz geçdi, bu bolsa umumy importyň 87% deňdir. Bu barada Federal statistika müdirligi Destatis habar berýär.



















