

Gazagystan HHR-y bilen billeikde Hazarüsti ugur boýunça ýükleriň üstaşyr geçirilmegini ösdürmegi meýilleşdirýär
Gazagystan Hytaý bilen Hazarüsti ulag ugruny ösdürmek barada ylalaşyga gol çekmekligi meýilleşdirýär. Ylalaşyk gümrük amallaryny ýönekeýleşdirer we ugurda ýük daşamalaryň kepillendirilen möçberini tassyklar. Bu meseleler hökümet ýygnagynda GR-nyň premýer-ministri Alihan Smailowyň ýolbaşçylygynda seredildi – diýip, Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.



















