

Suwy arassalaýan robotlar döredildi
Geçirilen barlaglara görä, nanorobotlar suwuň düzümindäki plastik galyndylaryň 99 göterimini toplamagy başardylar. Bu görkeziji häzirki döwre çenli döredilen innowasion tehnologiýalardan 250 esse netijelidir.


Geçirilen barlaglara görä, nanorobotlar suwuň düzümindäki plastik galyndylaryň 99 göterimini toplamagy başardylar. Bu görkeziji häzirki döwre çenli döredilen innowasion tehnologiýalardan 250 esse netijelidir.


Google kompaniýasy, Hindistanda Pixel smartfonlaryny öndürip başlajakdygyny yglan etdi. Öndürijiniň blogy 2024-nji ýyldan başlap «hindi ýygnamasynyň» Pixel 8 modeli bilen başlajakdygyny habar berdi.


Sian optika we takyk mehanika institutynyň hytaýly gözleg topary, älemde 6G torunyň ösmegi üçin esas bolup biljek täze aragatnaşyk enjamyny üstünlikli synagdan geçirendigini aýtdy diýip, South China Morning Post habar berýär.


Uçarmansyz uçujy enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek bilen meşgullanýan Ehang kompaniýasy, uçýan taksi üçin laýyklyk şahadatnamasyny dünýäde ilkinji bolup aldy diýip, ehang.com habar berýär.


Hytaýyň alymlary Günorta-Hytaý deňzinde dünýäde iň uly neýtrin teleskopynyň gurluşygyna girişdiler. “Üç diş” ýa-da “Haýlin” diýlip atlandyrylýan bu taslama kosmos şöhleleriniň gelip çykyşyny we Älem giňişliginiň aňryçäk giňişliklerini öwrenmäge mümkinçilik berer.


Katarly talyplar täze oýlap tapylan çap ediji 3D enjamynyň kömegi bilen "bütin dünýädäki adamlar üçin iýmit elýeterliligini" üpjün etmegi maksat edinýärler. Olaryň pikiriçe, enjamyň üstünde çap edilen käşir prototipi adaty käşir ýaly ýokumlydyr. Ýaş oýlap tapyjylar barada Kataryň “Al Jazeera” teleýaýlymy gürrüň berdi.


Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde (SPbSU) garamagyndaky NTI Kompetensiýa merkeziniň alymlary «МАС-Внештранс» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen deňiz ýük daşamalaryny çaltlaşdyrmak üçin platforma döretdiler.


Dünýäde iň akylly we iň ösen hasaplanýan “Ameca” roboty, sosial ulgamlarda ýaýradylan wideoda ýene bir gezek baş keşbi janlandyrdy. Häzirki wagtda “YouTube”-da 45 000 tomaşaçynyň gören bu klibinde android ýaly emeli intellekt (AI) kinorežissior bilen söhbetdeşlik geçirýär we köpleriň geň galdyryjy hasaplaýan soraglaryny berýär.


Ýurtlar we halkara gurmalar 31-nji dekabra çenli Aýda näme ugurlar boýunça barlaglary geçirmek baradaky tekliplerini hödürläp bilerler. Hytaýyň Milli kosmos edarasynyň mälim etmegine görä, Aýyň üstünde dürli barlaglary alyp barmaga ukyply robotlary we dürli innowasion taslamalary bilelikde ýerine ýetirmäge aýratyn orun berler.


Türkiýäniň ilkinji kosmonawtlary Alper Gezerawçy hrm-de Tuwa Jihangir Atasewer öz wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýar. Bu barada olar Izmir şäherinde geçen TEKNOFEST awiasiýa kosmonawtika we tehnologiýalar festiwalynda habar berdiler.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Santa-Barbara şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary «Wiffract» atly tehnologiýany işläp taýýarladylar. Onuň kömegi bilen Wi-Fi enjamynyň kömegi bilen diwaryň arasyndaky dürli obýektleri görüp bolýar. Munuň üçin adaty Wi-Fi routeri ýeterlikdir.


Hytaýda, ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç sany uly şäheri birleşdirýän özboluşly demir ýoly açyldy. Bu ugur boýunça gidýän otlylar sagatda 350 km tizlige ýetip we bir sagadyň içinde 277 km aralygy geçip biler.


Bilelikdäki kärhana elktrik we gibrid görnüşli awtoulaglary öndürer. Olaryň önümçiliginde kompanýa tarapyndan energiýanyň täzeden işlenen görnüşlerini ulanmak maksat edilýär. Kärhananyň gurluşygynyň birinji we ikinji tapgyrlarynda 50 müň awtoulag, üçünji tapgyrda bolsa 300 müň awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär.


Hytaýyň BYD Auto we AO “Uzavtosanoat” paýdarlar jemgyýeti bilelikdäki "BYD Uzbekistan Factory" kärhanasyny döretmek barada şertnama baglaşdylar.


ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, bu guramaçylaryň goldawy bilen Aşgabatda ilkinji bilim robot ýaryşlary geçirildi. Ýurduň dürli sebitlerinden gelen wekiller ýaş nesliň innowasiýa tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýän ýaryşa işjeň gatnaşdylar.