

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi türgenleriň Forumyny geçirýär
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň türgenleriniň iki günlük forumy başlandy, ol kyrkdan gowrak Milli olimpiýa komitetleriniň wekillerini ýygnar.


Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň türgenleriniň iki günlük forumy başlandy, ol kyrkdan gowrak Milli olimpiýa komitetleriniň wekillerini ýygnar.


Futbol boýunça halkara federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda ABŞ, Kanada we Meksika bilen bilelikde geçiriljek dünýä çempionatynyň formatynyň üýtgeýändigini yglan etdi.


Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçýän Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň 2023 (U18) tamamlaýjy tapgyrynda Eýranyň toparyny 14:1 hasabynda ýeňdi.


Türkmenistanda gyzlaryň arasynda gandbol boýunça ýurduň çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we ýurtda işleýän BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde gurnaldy.


Zenanlaryň arasynda boks boýunça Nýu-Delide boljak dünýä çempionatyna gatnaşýan Gulzada Jorakulyýewany bäsdeşiniň ady belli boldy. Bije atyşlygyň netijesi boýunça deslapky tapgyrda onuň bäsdeşi kamerunly Mirel Ongbibou boldy.


Taekwondo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy (ITF wersiýasy) 16-njy martda Daşkentde (Özbegistan) başlanjak Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda çykyş ederler.


Göreş boýunça türkmen tälimçileri Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýärler – diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi UzA habar berýär.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň gatnaşjak Merkezi Aziýanyň futbol boýunça birinji çempionatynyň bije atyşlygy maýyň başynda geçiriler. Bu barada Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň (CAFA) metbugat-attaşesi Polat Allagulyýewe salgylanyp, TASS habar berýär.


Garyşyk söweş sungaty (MMA) resmi taýdan şu ýyl Tailandyň kabul etjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň (AIMAG) sport maksatnamasyna girizildi.


Türkmenistanyň wekili Gülzada Jorakulyýewa zenanlaryň arasynda boks boýunça 14-nji martdan 26-njy marta çenli Nýu-Delide (Hindistan) geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.


Russiýanyň «Gazprom» transmilli energetiki kompaniýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň hemaýatkäri bolar – diýip, Metaratings habar berýär.


Türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow 10-12-nji martda Rimde (Italiýa) geçen Ýewropanyň açyk çempionatynda 66 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.


Belarusda GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň nyşanyny we tumaryny tassykladylar, bu oýunlary Respublika 2023-nji ýylyň 3-nji awgustyndan 15-nji awgusynta çenli kabul eder.


Russiýanyň milli futbol ýygyndysy erkek toparynyň arasynda Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) ilkinji çempionatyna gatnaşar diýip, – Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň 2023 (U18) ikinji tapgyrynda 4:3 hasabynda Tailandyň toparyny ýeňdi.