

Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri Magtymguly barada ylmy maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwet uniwersitetiniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Onda iki ýokary okuw mekdebiň alym mugallymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenilip, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.


















