

Türkiýede bilim alýan türkmenistanlylaryň dykgatyna!
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek üçin edilmeli işler barada habar berýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek üçin edilmeli işler barada habar berýär.


Oňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň serhet gulluklarynyň harby lukmançylyk işgärleri gatnaşdylar.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Merkezi Aziýanyň bäş Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Nýu-Yorkda geçiriljek bilelikdäki ýygnagyndan soň Bilelikdäki Beýannama kabul ederler. Amerikanyň Prezidentiniň Milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan žurnalistler üçin geçirilen brifingde bu barada habar berdi.


Dolandyrylýan «Soyuz MS-24» gämisi anna güni Baýkonur kosmodromyndan ugradyldy we HÄB-niň rus böleginiň modulyna goşuldy diýip, Roskosmosyň ýaýlymynda aýdylýar.


Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň baş prokurorlarynyň 4-nji mejlisi anna güni, 15-nji sentýabrda Bakuwda geçirildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tarman Şanmugaratnamany Singapur Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.


Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew penşenbe güni Saud Arabystanyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen duşuşdy.


Ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi, anna güni Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen “The Nippon Foundation” gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawanyň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.


30-njy noýabr – 12-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçiriler.


29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly 15-nji Halkara film festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan kinematografiýaçylar gatnaşar.


Şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda Özbegistana söwda we işewürlik maksatly 36,8 müň daşary ýurtly barypdyr. Şolaryň ýarysyndan gowragyny ýagny, 21,4 müňüsini türkmenistanly syýahatçylar düzýär.


Bagçylyk pudagynda innowasion çemeleşmeler Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda geçirilen tejribe sapagynda giňişleýin öwrenildi.


"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň hünärmenleriniň işe girizen "Sanly.tm" elektron poçta hyzmatyny ulanyjylaryň sany 38 müň 209-a, korporatiw domenlerine eýelik edýänleriň sany hem 207-ä ýetdi.


Meşhur estrada aýdymçysy Ýelena Oreşkinanyň şu ýyl goşa ýubileýi. Ol ony 14-nji oktýabrda paýtagtyň «Türkmenistan» kinokonsert zalynda ýekelikde konsert bilen bellemegi meýilleşdirdi. «Güýz walsy» maksatnamasy tomaşaçylara ýerine ýetirijiniň awtorlyk aýdymlaryny, rus we sowet kompozitorlarynyň garramaýan we söýgüli hitlerini, şeýle hem romaslary sowgat eder.


Merkezi Aziýa bazarlarynyň global üpjünçilik zynjyrynda barha artýan ähmiýeti, dünýä söwdasynyň barometri diýlip atlandyrylýan Daniýanyň Maersk kompaniýasy tarapyndan tassyklandy. Global ýük daşaýjy oýunçy, Orta geçelgäni ulanyp, Gruziýadaky Poti portuny Gazagystan we Özbegistan bilen birleşdirýän täze intermodal hyzmatyny ýola goýdy. Bu hyzmat her hepde işlär we sebitdäki beýleki ýurtlara, şol sanda Türkmenistana ýaýrap biler.