

"Biz bu işi dowam etdireris" - Halk Maslahatynyň Başlygy hemaýata mätäç çagalara kömek etmek hakynda
Milli ynsanperwer ýolumyzdan we mätäçlere goldaw bermekden ugur alyp, idege mätäç çagalara kömek etmek üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe günündäki Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýtdy.



















