

Türkmen topary Hywada geçirilen «Lazgi» halkara tans festiwalyna gatnaşdy
Gadymy Hywa — binagärlik keşbi özi hem ebedileşdirilen saz ýaly täsir galdyrýan şäher — ýene-de dünýä horeografiýa sungatynyň merkezine öwrüldi. 25–30-njy aprel aralygynda bu ýerde ÝUNESKO-nyň howandarlygynda hem-de TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda geçirilen III Halkara «Lazgi» tans festiwaly 30 ýurtdan 300-den gowrak sungat işgärlerini we alymlary bir ýere jemledi
















