

Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň ykdysady sergi-ýarmarkasyny geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Astanada GDA-nyň sammitinde çykyş etmek bilen, mundan beýläkki özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany we dürli pudaklaryň gatnaşyklaryny dikeltmek üçin meýdança boljak GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny geçirmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berýär.




















