

Türkmenistanyň Mejlisine deputatlaryň saýlawlarynda ses bermeleriň netijeleri çap edildi
Resmi türkmen metbugatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşyna deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri baradaky maglumat çap edildi


Resmi türkmen metbugatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşyna deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri baradaky maglumat çap edildi


BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) täze bütindünýä başlangyjyny - «Ýaş zehinleriň konweýeri» atly maksatnama badalga berdi, ol howanyň üýtgemegi, biodürlüligiň ýitirilmegi, hapalanma we galyndylar meselelerini çözmek üçin tejribäniň dürlüliginini artdyrmaga gönükdirilendir.


1-nji aprelden Türkmenistanda täze awtobus ugry – «Aşgabadyň halkara awtowokzaly – Hazar» hereket edip başlaýar – diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanda Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy güýçlendirmek. ÝB-niň we BMG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygy» (STRIVE Asia) bütindünýä taslamasynyň ýurt düzüm böleginiň jemleri jemlendi.


Anna güni, 31-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda agyr wakuum gazoýly eksport edildi –diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


ÝB-niň agza-döwletleri ähli döwletleriň raýatlary üçin Şengen wizasyny almak prosessini sanlylaşdyrmak meselesi boýunça gepleşiklere badalga berilmegini ylalaşdylar, ol prosessiň 2025-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.


Türkmenistanyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýetginjekler milli ýygyndysy 31-nji martdan 2-nji aprel aralygynda Kazanda geçiriljek «Tatarystan Respublikasynyň umytlary» ýaryşynda çykyş eder.


Hytaýyň logistika pudagy şu ýylyň ýanwaryndan fewralyna çenli döwürde ýurduň köp pudaklarynda islegiň artmagy bilen bagly gaýtadan dikelmegiň depginlerini ýokarlandyrmagyny dowam etdirdi. Muňa Hytaýyň logistika we satyn almalar federasiýasynyň çap eden maglumatlary şaýatlyk edýär (CFLP).


Gazagystan «Demirgazyk-Günorta» ugry boýunça Türkmenistan tarapyna russiýa-gazak serhet geçelgelerinden ýükleriň esasy nomenklaturasyny daşamakda 40% arzanladyş yglan etdi – diýip, TASS habar berýär.


Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersiteti RF-nyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň ýardam etmeginde 10-11 synp türkmen mekdep okuwçylaryny lingwistiki olimpiada gatnaşmaga çagyrýar – diýip, Aşgabatdaky Rus öýi habar berýär.


Arassa Nusga – bu işewürligiň eýelerine innowasion gurallaryň kömegi bilen dürli meseleleri çömäge kömek edýän maslahat beriş kompaniýasydyr. Firma maslahat beriş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini, şeýle hem IT-babatynda hyzmatlary üpjün edýär we LOGO ERP, AKINSOFT ERP we Bitriks24-iň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolup durýar.


Türkmenistanyň howa şertlerinde gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň mümkinçilikleri BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan gurnalan seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Apreliň ilkinji günleriniň gelmegi bilen Türkmenistanyň çäklerinde howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar, bu Eýran tarapdan gelýän sowuk atmosfera frontynyň täsiri bilen bolup geçer.


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlaryň meýletin Russiýa göçürilmegine ýardam etmek boýunça 2006-njy ýylda kabul edilen döwlet maksatnamasyna üýtgetmeler girizdi.


Demir ýollaryň mümkinçiligi, üstaşyr ýük daşamalar, «Demirgazyk-Günorta» we «Günbatar-Gündogar» geçelgeleri, şeýle hem demir ýol ugurlarynyň täze geljegi türkmen wekiliýetiniň gatnaşan Belarusda geçirilen maslahatyň esasy maslahatlaşylýan meseleleri boldy.