

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatda geçiriljek işewürlik-foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar
Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky ykdysady dialog işjeňligiň täze tapgyryna gadam basýar. Şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik-forumyna we oňa degişli sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi

















