Habarlar

Türkmenistan we Ermenistan seýsmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmak babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan we Ermenistan seýsmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmak babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Ermenistan seýsmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmak babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A. Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory Jon Karapetýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.

Türkmenistanyň we Angolanyň BMG-daky hemişelik wekilleri ilçileriň deňhukukly akkreditasiýasy barada pikirini aýtdylarTürkmenistanyň we Angolanyň BMG-daky hemişelik wekilleri ilçileriň deňhukukly akkreditasiýasy barada pikirini aýtdylar

Türkmenistanyň we Angolanyň BMG-daky hemişelik wekilleri ilçileriň deňhukukly akkreditasiýasy barada pikirini aýtdylar

Türkmenistanyň we Angolanyň BMG-daky hemişelik wekilleri – Ilçi Aksoltan Ataýewa we Kruz Fransisko Hose Da Aşgabat bilen Luanda arasynda diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ilçileriň deňhukukly akkreditasiýasynyň tarapdary bolup, Milletler Bileleşiginiň platformasynda özara gatnaşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Seýdi şäherinde geçirilen seminarda bagbançylyk, ýyladyşhana ekerançylygy we suwarymly oba hojalygy pudagynda innowasion çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.Seýdi şäherinde geçirilen seminarda bagbançylyk, ýyladyşhana ekerançylygy we suwarymly oba hojalygy pudagynda innowasion çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seýdi şäherinde geçirilen seminarda bagbançylyk, ýyladyşhana ekerançylygy we suwarymly oba hojalygy pudagynda innowasion çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde synag sebtinde ýer we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak üçin usullary we tehnologiýalary ulanmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi we biodürlüligi gorap saklamak şertlerinde ýerden peýdalanmagy meýilleşdirmek arkaly alternatiw girdeji çeşmelerini almak boýunça seminar geçirildi.

Aşgabat Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirerAşgabat Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirer

Aşgabat Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirer

Ýakynda durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalar we çäreler Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Aşgabada sapar bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster ofisiniň müdiri, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljek ýyl türkmen paýtagtynda ýurduň ÝUNESKO girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyny geçirmek meselelerine üns berdiler.

Türkmen talyplary Aşgabatda DÖM boýunça duşuşyga gatnaşdylarTürkmen talyplary Aşgabatda DÖM boýunça duşuşyga gatnaşdylar

Türkmen talyplary Aşgabatda DÖM boýunça duşuşyga gatnaşdylar

Duşenbe güni Aşgabatda "Kitap – paýhasyň çeşmesi" kitap klubynyň alyp barýan işiniň çäginde Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) boýunça duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýaşlary DÖM-i durmuşa geçirmek boýunça global çäreler bilen tanyşdyrmaga we ýaş nesliň bu işde möhüm ornuny bellemäge gönükdirilendir. Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty tarapyndan gurnaldy.