

Türkmenistan we Özbegistan tebigy gazy ibermek boýunça täze şertnama baglaşmaga ylalaşdylar
25-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.




















