

Rus dili boýunça okuwçylaryň arasynda ders olimpiadasy guralar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 9-11-nji synp okuwçylaryň arasynda rus dili boýunça 2-nji olimpiadany gurar.


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 9-11-nji synp okuwçylaryň arasynda rus dili boýunça 2-nji olimpiadany gurar.


10-njy fewral Russiýada diplomatik işgärleriň güni hökmünde bellenilýär. Bu pursatdan peýdalanyp, ORIENT Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan WOLYNKIN atly makalany okyjylaryň dykgatyna ýetirýär:


Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Hökümet agzalary we beýleki ýolbaşçylar tarapyndan 2023-nji ýylyň netijeleri barada hasabat berenden soň, umumy netijeleri gysgaça beýan etdi we 2024-nji ýyldaky wezipeleri kesgitledi.


Döwlet Baştutany anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparynyň geçen ýyl dumruş-ykdysady we medeni görkezijilerde iň ýokary netijeleri gazanan etraby kesgitlemek boýunça işleriň jemlenendigini aýtdy. Soňra söz Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa berildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýumlary boýunça ýyllyk Maksatnamany tassyklady.


Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň üýtgedilip gurulmagy we bu bölümden aýrylmak arkaly birnäçe pudaklaýyn gurluşlaryň döredilmegi bilen baglanyşykly Prezident Serdar Berdimuhamedow Mülkaman Öwezliýewi "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.


Türkmen döwletiniň Baştutany, giňişleýin Hökümet mejlisinde Akmyrat Hudayberdiýewi pensiýa çykmagy sebäpli Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy we ozal bu gullugyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Mahmut Çaryýewi bu wezipä belledi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Myrat Mämmedowy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine belledi. Ozal ministriň orunbasary bolup işlänsoň, ol başga bir işe geçendigi sebäpli wezipesinden boşadylan Atageldi Germanowyň wezipesine bellendi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli Gurbangül Ataýewany bilim ministri wezipesinden boşatdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Guwanç Orunowy Türkmenistanyň binagärlik we gurluşyk ministri wezipesinden boşatdy.


Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk ministrliginiň işini täzeçil guramak hakynda Permana gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, başga işe geçmegi sebäpli Nazarmyrat Nazarmyradowy oba hojalyk ministri wezipesinden boşaty.


2024-nji ýylyň 8-ni fewralynda Kazan şäherinde Türkmeistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Baş konsullygynyň guramagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.


Hindistanyň derman önümçiligine ýöriteleşen iri "Sun Pharma" kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmak hem-de lukmançylyk enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany döretmek isleýär.


2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Pariž şäherinde geçiriljek 33-nji Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medallary resmi taýdan tanyşdyryldy.