

Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy
Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi.


Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi.


4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Aziýa ýurtlary bölüminiň müdiri hanym Al Jowher Yusuf Fahru bilen duşuşyk geçirdi.


4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçdi.


Russiýanyň Döwlet Dumasy çagalar üçin SIM-kartany döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada dowam edýän Gündogar ykdysady forumynda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Maşgalany goramak komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Tatýana Butskaýa žurnalistlere aýtdy.


Çarşenbe güni, 4-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda oba hojalygy we nebithimiýa önümleri satyldy.


4-nji sentýabrda çarşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşyk geçirdi.


U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiň Döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi. Bu barada Uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp TASS habarlar agentligi habar berýär.


3-nji sentýabrda Stokgolmda DIM derejesindäki türkmen-şwed syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdiler.


31-nji awgustdan 8-nji sentýabra çenli Gruziýada 6-njy “Sinandali” nusgawy saz festiwaly geçirilýär. 2019-njy ýyldan bäri Gruziýanyň ajaýyp welaýatlarynyň biri bolan Kahetiýanyň Sinandali mülkünde ýylsaýyn geçirilýän bu festiwal dünýä belli sazandalaryň, orkestrleriň we artistleriň gatnaşmagynda Ýewropanyň we Aziýanyň nusgawy sazynyň meýdançasy hasaplanylýar.


Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok, Türkiýäniň Türkmenistany Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň (TURKPA) doly hukukly agzasy hökmünde görmek isleýändigini aýtdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Ysmaýyl Berdiýew Germaniýada daşary ýurtly talyplar we hünärmenler üçin tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdy.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde we Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde iki sany täze kislorod stansiýasyny üstünlikli oturdyldy.


Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki litiý akkumulýatorlaryny öndürýänkärhanalary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýärler. Bu barada Kaşgar ykdysady ösüş zolagynyň wekili Bo Inszýan aýtdy diýip, Sinhua habarlar gullugy habar berýär.


Dünýädäki iň uly elektron söwda platformasy “Amazon”-dan emeli hemra interneti Gazagystanda peýda bolup biler.


3-nji sentýabrda geçirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça webinaryň çäklerinde Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goraýyş guramasynyň (BHSGG), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (AOHG) hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (DGM) wekilleri adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny hem-de daşky gurşawy üpjün etmekde hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.