Habarlar

Duşanbe Tährana örän özüne çekiji maýa goýum şertlerini hödürlediDuşanbe Tährana örän özüne çekiji maýa goýum şertlerini hödürledi

Duşanbe Tährana örän özüne çekiji maýa goýum şertlerini hödürledi

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň 15-16-njy ýanwar aralygynda Täjigistana bolan döwlet sapary wagtynda, 23 resminama şol sanda bahasy 450 million dollardan gowrak bolan ylalaşyklara gol çekildi. Resmi duşuşyklar bilen bir hatarda Täjigistanyň paýtagtynda işewürlik-forumy geçirildi, bu ýerde eýranly maýadarlara dürli harytlar ýagny dag-magdan taslamalaryndan başlap, syýahatçylyk pudagynda dürli artykmaçlyklar we ýeňilliklere çenli teklip edildi

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýarTürkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça birnäçe amaly teklibi hödürledi. 2025-nji ýylda Aşgabatda Parlamentara gepleşigiň nobatdaky duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň komissarynyň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar