

Qatar Airways dünýäde ilkinji bolup Boeing 787 uçarlaryny Starlink hemra interneti bilen enjamlaşdyrdy
Qatar Airways awiasiýa taryhyna Boeing 787-8 uçarlarynda Starlink hemra internet ulgamyny ornaşdyran ilkinji awiakompaniýa hökmünde girdi. Häzirki wagtda kompaniýa ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilen şeýle üç uçary ulanýar, Starlink bilen enjamlaşdyrylan giň göwrümli uçarlaryň umumy sany bolsa 120-ä golaýlaýar



















