Habarlar

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Hususan-da, taraplar Turgundy gury portunda amaly işleriň başlamagy, düşürmek we ýüklemek üçin täze ammarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy, Mazari-Şerif – Hyrat we Hyrat - Gandagar ugurlaryny jikme-jik öwrenmek we taslamasyny düzmek, şeýle hem Turgundy portundan täjirçilik ugurly ýük daşamalaryny artdyrmak maksady bilen bu ýollaryň gurluşygy we demir ýol taslamalaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Ermenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşularErmenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşular

Ermenistan Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ýol boýunça Aşgabat ylalaşygyna goşular

Ermenistanyň hökümeti ýurduň Aşgabat ylalaşygyna goşulmak baradaky kanunçylyk başlangyjyny makullady diýip, TASS habar berýär. Bu ylalaşyk ozal Türkmenistan, Özbegistan, Oman, Katar we Eýran tarapyndan baglaşylypdy. Ilkibaşda ylalaşyk Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üznüksiz gury ýer aragatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdi. Ermenistan üçin bu ulag geçelgesine goşulmak deňze çykmagyň ýönekeýleşdirilen ýoluny hem aňladýar