Лента новостей

Türkmenistanda bäş ýylyñ içinde biologik köpdürlüligiñ üýtgemegi: Merkezi Aziýada maksatnamanyñ netijeleri

28.02.2025 | 13:50 |
 Türkmenistanda bäş ýylyñ içinde biologik köpdürlüligiñ üýtgemegi: Merkezi Aziýada maksatnamanyñ netijeleri

Sebitiñ ekoulgamyny gorap saklamaga gönükdirilen "Merkezi Aziýanyñ daglarynda seýrek duş gelýän haýwanlaryñ we özboluşly tebigy çäkleriñ gorap saklanylmagy" atly bäş ýyllyk maksatnamasy tamamlandy diýip, DKnews.kz habar berýär. Daşkentde geçirilen jemleýji duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ, şol sanda Türkmenistanyñ grant alyjylary, donorlary we döwlet edaralarynyñ wekilleri gatnaşdy.

2019-njy ýyldan bäri maksatnamanyñ çäklerinde umumy bahasy 7,45 mln ABŞ dollaryna barabar bolan 96 sany taslama amala aşyryldy.

1

Türkmenistan: pisse tokaýlaryñ gorap saklanylmagy we ekologik syýahatçylyk

Maksatnamanyñ çäklerinde Türkmenistanda Köýtendagdaky pisse we badam tokaýlaryñ gorap saklanylmagyna aýratyn üns berildi. Taslamanyñ çäklerinde 400-e golaý adam bu agaçlary ekmek we ösdürmek boýunça okuwlary geçdiler, şeýle hem olary köpeltmek üçin goraghanalar döredildi. Howp astyndaky guşlaryñ we buhara sugunyñ monitoringi geçirildi, olary goramak boýunça çäreler işläp taýýarlandy. 2

300-400 ýyl mundan ozal Köýtendagyñ çäklerinde uly tokaý giñişlikleri bardy. Emma howanyñ üýtgemegi bilen olaryñ möçberi azaldy. Maksatnamanyñ çäklerinde olary dikeltmek boýunça ädimler ädildi. Bu hem sebitiñ biologik köpdürlüligini gorap saklamak üçin wajypdyr. Mundan başga-da, Türkmenistan Köýtendagda ekologik syýahatçylygy ösdürýär. Munuñ özi diñe bir tebigaty gorap saklamaga däl-de, eýsem ýerli ilatyñ we syýahatçylaryñ arasynda ekologiýa meselelerine ünsüñ çekilmegine ýardam berýär.

Sebitiñ beýleki ýurtlarynyñ netijeleri

Maksatnamanyñ dowamynda Özbegistanda relikt süýrenijileriñ iki täze görnüşi ýüze çykaryldy. Bu bolsa 100 müñ ga meýdany bilen tebigy parkyñ döredilmegine esas boldy. Şeýle hem, tokaýlary dikeltmek we ilatyñ ekologiýa habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Gyrgyzystanda we Täjigistanda 8 sany kiçi goraghanalar we 12 sany seýrek duş gelýän agaçlaryñ goraghanalary döredildi. Gazagystanda bolsa ýurduñ ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky okuw gollanmalary taýýarlanyp, olar mekdeplere gowşuryldy. 3

Maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ bilelikdäki tagallalaryñ tebigy ekoulgamlaryñ goragynda möhüm orun tutýandygyny açyp görkezdi. Türkmenistanda durmuşa geçirilen taslamalar bolsa, seýrek duş gelýän görnüşleriñ goralyp saklanylmagynda hem-de tokaý çäkleriniñ dikeldilmeginde möhüm goşant boldy.

Фото: newscentralasia.net

Читайте также: