Мэрия Дашогуза проводит тендер на реконструкцию котельных жилого массива
11.09.2021 | 17:12 |Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň «Merkez-3» ýaşaýyş jaý toplumynyň kuwwaty 61,90 Gkal/sag 8 sany ýyladyş gazanhanasynyň durkuny täzelemek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça
BÄSLEŞIK
yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýynda ýerleşýän welaýat häkimliginiň edara binasynda size teklip edýär:
– gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
– edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
– häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.