21–22-nji aprelde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary instituty bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy.
Wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlygyň täze depgini
MDHGI-nyň rektory, RF-nyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Anatoliý Torkunow bilen geçirilen duşuşykda heniz 2017-nji ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar häzirki döwrüň şertleriniň beýannamalardan ulgamlaýyn amaly gurallara geçmegi talap edýändigi barada birmeňzeş pikire geldiler.
Anatoliý Torkunow türkmen talyplarynyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny aýratyn belledi. 2025-nji ýylda MDHGI-nyň mekdep okuwçylarynyň halkara olimpiadasynyň türkmenistanly ýeňijileriniň bäşisiniň okuwa kabul edilmegi möhüm görkeziji boldy. Uniwersitet RF-nyň federal býujetiniň hasabyna Türkmenistanyň raýatlaryny okatmak üçin her ýyl kwotalary bölüp bermäge taýýardygyny tassyklady, bu bolsa bilim ulgamyndaky dialogyň aýratyn derejesini nygtaýar.
Energetika diplomatiýasy we bilelikdäki okuw kitaplary
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Andreý Suşensowyň hem gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ileri tutulýan ugurlar kesgitlendi: akademik ykjamlyk (magistrantlaryň we mugallymlaryň yzygiderli alyş-çalşygy, semestrleýin tejribe okuwlary), bilelikdäki maksatnamalar (diplomatik gulluk we energetika diplomatiýasy ulgamynda okuw modullaryny işläp düzmek), ylmy hyzmatdaşlyk (türkmen dili boýunça bilelikdäki okuw gollanmasyny neşir etmek we ylmy işleri özara çap etmek).
MDHGI-da tegelek stol: köp merkezli dünýä garaýyş
Saparyň ikinji güni akademik çekişmelere bagyşlandy. «Russiýa — Türkmenistan: halkara hyzmatdaşlygyň strategiýalary» atly tegelek stoluň dowamynda Gülşat Ýusupowa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ösüşi barada hasabat bilen çykyş etdi.

MDHGI-nyň türkmen dilini öwrenýän talyplarynyň we türkmen ýaşlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagy duşuşyga aýratyn öwüşgin berdi. Bu bolsa ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir okuw maksatnamalary däl-de, eýsem syýasatçylaryň geljekki nesilleriniň arasynda dialog medeniýetini kemala getirýän «ýaşlar diplomatiýasydygyny» hem tassyklady.
Saparyň maksatnamasy Russiýanyň DIM-de GDA-nyň ýurtlary boýunça Üçünji departamentiniň direktory Aleksandr Sternik bilen duşuşygy hem öz içine aldy. Söhbetdeşler ynsanperwer ulgamynyň we bilimiň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň «ýumşak güýji» we berk binýady bolup galýandygyny, oňa bolsa ýokary derejedäki gatnaşyklara täze gepgin berýändigini tassykladylar.
Sapar iki ýokary okuw mekdebine öz ylmy-barlag we bilim mümkinçiliklerini has netijeli ulanmaga şert döretjek anyk ädimleriň kesgitlenmegi bilen tamamlandy.
