«Türkmennebit» döwlet konserni Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyryna girişýär. 24-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow zawody tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanylan teklibi makullady.
Döwrebaplaşdyrmagyň esasy maksady — nebiti çuňňur gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu zawod üçin diňe bir önümçilik kuwwatyny artdyrmaga däl, eýsem öndürilýän nebit önümleriniň hil häsiýetnamalaryny has-da ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berer.
Taslama önümçilik desgalarynyň iň täze nesil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny; önümçilik tapgyrlarynyň awtomatlaşdyrylmagyny we kämilleşdirilmegini; ekologiýa howpsuzlygynyň hem-de çig maly gaýtadan işlemegiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Döwlet Baştutany nebitgaz senagatyny häzirki zaman derejesinde ösdürmegiň strategik ähmiýetini nygtady we wise-premýer Guwanç Agajanowa meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň energetika pudagynyň eksport mümkinçiliklerini berkitmekde möhüm ädim bolar.
