Türkmenistandaky Fransuz instituty maý aýynda geçiriljek intensiw ýöriteleşdirilen okuw toplumyna kabul edişligi yglan edýär. Maksatnama dürli ugurlary — dogry aýdylyşyň öwredilmeginden başlap, grammatikany çuňňur öwrenmäge we sözleýiş endiklerini ösdürmäge çenli — öz içine alýar.
2-nji maýdan 31-nji maýa çenli meýilleşdirilen okuw tapgyry dürli taýýarlyk derejesindäki gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Sapaklar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda şu aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:
Aragatnaşyk endikleriniň ösdürilmegi (A2–B1): Bu okuwlar dil päsgelçiligini ýeňip geçmäge gönükdirilendir. Mugallym — Sergeý Kiselýow.
Fonetikasy (A1–B1): Aýdylşy kämilleşdirmek boýunça intensiw okuw tapgyry. Mugallym — Sergeý Kiselýow.
Çuňlaşdyrylan grammatika (B1–B2): Çylşyrymly dil gurluşlarynyň jikme-jik seljermesi. Mugallym — Leýla Durdyýewa.
“Gepleşilýän fransuz dili” (B2–C1): Ösen derejeler üçin häzirki zaman janly diliň amalyýeti. Mugallym — Leýla Durdyýewa.
Ýaşlar üçin edebiýat gurnagy (A2–B1): Okamak we tekstleri ara alyp maslahatlaşmak endikleriniň ösdürilmegi. Mugallym — Bibisoltan Nuryýewa.
Formaty we bahasy: Her bir okuw tapgyry 20 sagatlyk auditor sapaklaryny öz içine alýar, bu bolsa temalary yzygiderli we çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär. Sapaklar dynç günleri (şenbe we ýekşenbe) geçirilýär, bu bolsa talyplar we işleýänler üçin amatlydyr.
Okuw tölegi saýlanan her bir okuw tapgyry üçin 600 TMT.
Okuw tapgyrlaryna ýazyşlyk 28-nji aprele çenli dowam eder. Hasaba alnyş iş günleri (duşenbe — anna) 14:00-dan 19:00-a çenli alnyp barylýar. Guramaçylar toparlardaky orunlaryň çäklidigini belleýärler.
Ýazylmak we goşmaça maglumat üçin:
Telefonlar: 36-83-70, 36-83-71, 36-83-72
E-poçta: ift.secretaire@gmail.com
Salgy: Aşgabat, Aga Garryýew köçesi, 69-njy jaý