Duşenbe güni, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $736,4 müň we 7,3 million manat bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Türkiýäniň işewürleri Türkmengala we Sakarçage etraplarynda, şeýle hem Daşoguz şäherinde öndürilen nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň 269,5 müň kg. satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy $736,4 müň deň boldy.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler umymy bahasy 7,2 million manat bolan Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan SN-180 görnüşli binýatlyk nebitiň jemi 2 müň tonnasyny satyn aldylar.
Şeýle hem içerki bazarda elde dokalan türkmen halylary almak üçin geleşik baglaşyldy. Şunda amallaryň umumy bahasy 45,3 müň manatdan gowrak boldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news
Foto: sigaus.es
