Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 20-nji maýda Pekindäki Halk maslahatlary köşgünde Hytaýa döwlet sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň möhledini nobatdaky gezek uzaltmak barada ylalaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda hytaý lideri şu ýyl hytaý-russiýa hyzmatdaşlyk we strategik özara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtdy.
Si Szinpin hytaý-russiýa gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejä ýetmeginiň sebäbiniň iki ýurduň hem sarsmaz durnuklylyk bilen syýasy özara ynamy we strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagy başaranlygyndadygyny belledi. Şeýle hem taraplaryň has uly üstünliklere tarap ymtylmak ruhunda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň hem-de halkara adalatlylygyny gorap saklamakda we adamzadyň umumy ykbaldaşlyk jemgyýetini gurmaga ýardam etmekde mizemez tutanýerlilik görkezmeginiň ähmiýetini nygtady.
“Hytaý we Russiýa, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary we dünýäniň ähmiýetli uly döwletleri hökmünde, strategik we uzak möhletleýin geljege gönügip, has ýokary hilli hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk arkaly ýurtlarymyzyň ösüşine we galkynyşyna ýardam etmelidirler hem-de has adalatly we paýhasly ählumumy dolandyryş ulgamynyň kemala gelmegine itergi bermelidirler” diýip, Hytaý döwletiniň Baştutany aýtdy.
Si Szinpin Hytaýyň we Russiýanyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, berlen wadalara ygrarlylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda täze döwürde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk we strategik özara gatnaşyklary ösdürýändiklerini belledi.
Onuň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky syýasy özara ynam yzygiderli berkeýär; ykdysadyýet we söwda, maýa goýumlary, energetika, ylym we tehnologiýalar, ynsanperwer we sebitara alyş-çalyş ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk durnukly ösýär, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar bolsa has-da pugtalanýar. Si Szinpin hytaý-russiýa gatnaşyklarynyň has netijeli we has okgunly ösüşiň täze tapgyryna gadam basandygyny nygtady.
Hytaý-russiýa gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin, sagdyn, durnukly we ýokary hilli ösüşine yzygiderli ýardam bermek — iki ýurduň düýpli bähbitlerine we ählumumy ösüşiň umumy meýillerine esaslanýan strategik saýlawydyr diýip, Hytaýyň Lideri belledi. Si Szinpin Hytaýy we Russiýany özi bilen Wladimir Putiniň arasynda gazanylan möhüm ylalaşyklary doly durmuşa geçirmäge, taryhy mümkinçiliklerden peýdalanmaga we iki ýurduň arasyndaky özara ynamy, hyzmatdaşlygy hem-de dostlugy mundan beýläk-de berkitmäge çagyrdy.
Hytaý döwletiniň Baştutany taraplaryň iki döwletiň ösüş we galkynyş maksatlaryna üns bermelidigini, hytaý-russiýa hyzmatdaşlygyndaky hemmetaraplaýyn we gowy ýola goýlan gurallaryň aýratynlyklaryndan doly peýdalanmalydygyny hem-de ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylan meýilleşdirilişini güýçlendirmelidigini nygtady.
Si Szinpin iki ýurduň söwda we maýa goýumlary, energetika we serişdeler, ulag hem-de ylmy-tehniki innowasiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn amaly hyzmatdaşlygyň hilini ýokarlandyrmalydygyny, şeýle hem täze hilli önümçilik güýçleriniň kömegi bilen ösüşiň täze draywerlerini döretmek üçin öňdebaryjy pudaklarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini işjeň öwrenmelidigini sözüniň üstüne goşdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky nesilden-nesle geçip gelýän dostlugy dowam etdirmäge üns berip, bilim, medeniýet, kinematografiýa, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda ynsanperwer alyş-çalyşy hem-de hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň, şeýle hem iki ýurduň dostlugynyň jemgyýetçilik we raýat binýadyny berkitmäge ýardam bermegiň zerurdygyny belledi.
Mundan başga-da, onuň sözlerine görä, taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaly, Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, BRIKS we Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (ATES) ýaly köptaraplaýyn platformalaryň çäklerinde utgaşyklylygy we özara hereketleri has-da pugtalandyrmaly.
Si Szinpin, şeýle hem, harby hereketlerden soňky halkara tertibini we halkara hukugynyň abraýyny sarsmazlyk bilen goramak, Ählumumy Günorta ýurtlaryny birleşdirmek hem-de ählumumy dolandyryş ulgamynyň özgertmeleriniň dogry ugurda amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini nygtady.
Wladimir Putin bolsa, öz gezeginde, iki tarapyň bilelikdäki tagallalary netijesinde russiýa-hytaý gatnaşyklarynyň görlüp-eşidilmedik ösüş derejesine ýetendigini, iki ýurduň ýokary derejede ýakyn aragatnaşyklary saklaýandygyny we berk syýasy özara ynamy gorap saklaýandyklaryny belledi.
Wladimir Putin ikitaraplaýyn söwdanyň durnukly ösýändigini, energiýa serişdeleriniň üpjünçiligi we olara bolan isleg babatynda özara bähbitleriň gazanylandygyny, ulag, logistika, ylym we tehnika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygyny, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer alyş-çalyşyň durnukly depginini belledi.
Onuň sözlerine görä, russiýa-hytaý gatnaşyklary synaglardan geçip, wagtyň geçmegi bilen has-da berkediler we hemmetaraplaýyn strategik özara hereketiň nusgasyna öwrüldi.
Häzirki şertlerde Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyklaryň has-da möhüm we ähmiýete eýe bolýandygyny nygtap, Wladimir Putin Russiýanyň Ylalaşygyň ruhuna laýyklykda hereket etmek, strategik utgaşdyrmany we amaly hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirdi.
Russiýa-hytaý hyzmatdaşlygynyň durnuksyz halkara ýagdaýynda möhüm durnuklaşdyryjy şert bolup durýandygyny belläp, Wladimir Putin Russiýanyň Hytaý bilen köptaraplaýyn utgaşdyrmany mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny nygtady. Şeýle hem ol Hytaýyň ATES-iň ýolbaşçylarynyň resmi däl duşuşygyny üstünlikli geçirmegine goldaw bermäge, Şanhaý Hyzmatdaşlygyň Guramasynyň abraýyny we täsirini bilelikde ýokarlandyrmaga, BRIKS-iň guralynyň çäklerinde agzybirligi we utgaşyklylygy pugtalandyrmaga, Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyny goramaga, siwilizasiýalaryň dürlüligini gorap saklamaga hem-de halkara tertibini has adalatly we paýhasly etmäge taýýardygyny bildirdi.
Si Szinpin we Wladimir Putin, şeýle hem Ýakyn Gündogardaky ýagdaý we beýleki möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Olar maýa goýumlar, energetika, ykdysadyýet we söwda ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk baradaky hasabatlary diňlediler. Iki ýurduň daşary işler ministrleri halkara we sebit meselelerinde Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky utgaşdyrma we hyzmatdaşlyk barada hasabat berdiler.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Si Szinpin we Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik özara hereketi mundan beýläk-de güýçlendirmek we hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky bilelikdäki beýannama gol çekdiler we ony neşir etdiler.
Olar ykdysadyýet we söwda, bilim, ylym we tehnika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk baradaky 20 sany resminama gol çekilmegine şaýat boldular.
Wladimir Putiniň sapary wagtynda Hytaý we Russiýa köp merkezli dünýäniň kemala gelmegi we halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşi barada bilelikdäki beýannama neşir etdiler. Şeýle hem taraplar beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada 20 sany resminama gol çekdiler.
Si Szinpin we Wladimir Putin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen hem bilelikde duşuşdylar.
Gepleşikler başlamazyndan ozal, Si Szinpin Pekiniň merkezindäki Halk maslahatlary köşgüniň gündogar girelgesiniň öňündäki meýdançada Wladimir Putini garşylamak dabarasyny geçirdi.