Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin resmi habary ýaýratdy. Onda döwletimiziň Taýwan meselesi boýunça berk we ýörelgeleýin garaýşy tassyklanyldy.
Resminamada halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň öz daşary syýasy ugruny halkara hukugynyň kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna doly laýyklykda alyp barýandygy nygtalýar.
BMG-niň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Daşary syýasat edarasy ýurduň «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýändigimi, Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň ýurdy birleşdirmek ugrunda edýän ähli tagallalaryny goldaýandygyny aýratyn belledi.
