Günbatar-Gazagystan welaýatynyň obalarynyň birinde meşhur Eýfel diňiniň nusgasy peýda bolar. Ony ýerli mekdebiň uçurymlary gurmagy karar etdiler.
NUR.kz-iň maglumatyna görä, Günbatar-Gazagystan welaýatynyň Žalpaktal obasynyň ýaşaýjylary Fransiýa birneme ýakyn bolmak üçin obada Eýfel diňiniň nusgasyny gurmagy meýilleşdirýärler. Boýy 30 metre ýetjek bu gurluşygy obanyň mekdebiniň uçurymlary sowgat hökmünde gurarlar.
Mälim bolşuna görä, bu obada 10 ýyldan gowrak mundan ozal gyzykly bir däp emele gelipdir. Mekdebi tamamlanyna ýubileý ýyly dolýan uçurymlar her ýylyň 25-nji maýa oba uly sowgat taýýarlaýarlar. Şu ýyllaryň dowamynda olar birnäçe seýilgähleri, çagalar meýdançalaryny, heýkelleri we çüwdürimleri gurupdyrlar. Bu gezek bolsa dünýäniň iň meşhur diňleriniň birine ýüzlendiler.
“Elbetde, adamlaryň pikirleri bölündi. Sosial torlardaky käbir ulanyjylar welaýat merkezinden 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän oba üçin ýollary abatlamak ýaly has peýdaly taslamalaryň zerurdygyny aýdýarlar. Beýlekiler bolsa, diň bolmadyk ýagdaýynda bu oba barada bütin Gazagystanda gürrüň edilmezdi diýip hasap edýärler” diýip, Nur.kz ýerli metbugatyň teswirlerini getirýär.
