Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Pekinde geçiren duşuşyklarynyň dowamynda çuňňur pikir alyşdylar we uly netijeler gazandylar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I mälim etdi.
Hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçysy bu sözleri 15-nji maýda, Donald Trampyň 13-15-nji maý aralygynda Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki döwletiň liderleriniň arasynda bolan duşuşygyň jemleri boýunça žurnalistler üçin geçirilen brifingde aýtdy.
Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu duşuşygyň çäklerinde hem resmi gepleşikler we banket geçirildi, hem-de dar düzümde söhbetdeşlikler şeýle hem tanyşdyryş gezelençleri guraldy. Si Szinpin bilen Donald Trampyň duşyklary takmynan dokuz sagatlap dowam etdi. Özara hormat goýmak, parahatçylygy gorap saklamak we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak tutuş duşuşygyň dowamynda üýtgemeýän esasy mowzuklar boldy diýip, Wan I belledi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri sözüni dowam edip, duşuşygyň iň möhüm syýasy ylalaşygynyň iki ýurduň liderleriniň hytaý-amerikan gatnaşyklaryny gurluşyýyn strategik durnuklylykda kemala getirmek baradaky ylalaşygyň bolandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Wan I taraplaryň diplomatiýa, ýaragly güýçler, ykdysadyýet we söwda, saglygy goraýyş, oba hojalygy, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar we hukuk ulgamy ýaly ugurlarda has köp alyş-çalşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny mälim etdiler diýip sözüniň üstüne goşdy. Munuň özi bolsa indiki tapgyrda döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berdi.
hzytaý-amerikan gatnaşyklarynyň täze orny hökmünde kabul edilen konstruktiw strategik durnuklylyk barada aýdyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri düşündiriş berdi.
Wan Iniň belleýşi ýaly, “konstruktiw strategik durnuklylyk” düýp esasynda hyzmatdaşlyk ýatan pozitiw durnuklylyk bolmalydyr, Hytaý-amerikan gatnaşyklarynyň durnuklylygy bolsa özara alyş-çalyşlar we kooperasiýa arkaly yzygiderli berkidilmelidir.
“Konstruktiw strategik durnuklylygyň” ortaça bäsdeşlik bilen we bir tarapyň gazanmagy beýleki tarapyň ýeňlişine getirýän nol jemi oýunsyz amatly durnuklylyk bolmalydyr diýip, Hytaýyň ministri belledi
Onuň aýtmagyna görä, “konstruktiw strategik durnuklylyk” şol bir wagtda garşylykly pikirleriň gözegçilikde saklanýan kadaly durnuklylygy bolmalydyr.
Mundan başga-da, “konstruktiw strategik durnuklylyk” parahatçylyga umyt döredýän hem-de gapma-garşylyklara, dawa-jenjellere we esasan hem uruşlara orun bermeýän dowamly durnuklylyk bolmalydyr diýip, Wan I sözüniň üstüni ýetirdi.
Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky bu duşuşygyň netijeleri boýunça taraplaryň ýokary derejeli alyş-çalyşlaryna ýardam bermek barada gazanylan ylalaşyklara gelsek, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri şu ýylyň güýzünde Başlyk Si Szinpiniň Prezident Donald Trampyň çakylygy bilen ABŞ-a döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny belledi.
Wan I taraplaryň ikisini hem döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklar we söhbetdeşlikler üçin bilelikdäki tagallalar bilen düýpli taýýarlyk görmäge, oňaýly ýagdaý döretmäge we gazanylýan netijeleri has-da artdyrmaga çagyrdy.
Žurnalistiň Taýwan meselesi baradaky soragyna jogap berip, Hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçysy bu babatda Hytaýyň garaýyşlarynyň örän aýdyňdygyny belledi.
Taýwan meselesiniň Hytaýyň içeri işidini nygtap, Wan I amerikan tarapynyň “bir Hytaý” ýörelgesine we hytaý-amerikan üç sany bilelikdäki beýannamasyna ygrarly boljakdygyna hem-de öz halkara borçlaryny ýerine ýetirjekdigine umyt bildirdi.
Hytaýyň Daşary işler ministri Taýwan meselesiniň hytaý-amerikan gatnaşyklaryndaky iň möhüm meseledigini belledi. “Hytaý amerikan tarapynyň anyk çäreler arkaly hytaý-amerikan gatnaşyklarynyň durnukly ösmegini, şeýle hem Taýwan bogazyndaky parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etjekdigine umyt edýär” diýip, ol nygtady.
Wan Iniň belleýşi ýaly, Taýwan bogazynda parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak Hytaý we ABŞ üçin iň uly umumy esasdyr. “Duşuşygyň dowamynda bizde amerikan tarapynyň Hytaýyň garaýyşyna düşünýändigi we Hytaý Halk Respublikasynyň aladalaryna ähmiýet berýändigi, şeýle hem halkara jemgyýetçiligi ýaly, Taýwanyň garaşsyzlyga tarap hereketini goldamaýandygy we kabul etmeýändigi barada düşünje emele geldi” diýip, Hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçysy sözüni jemledi.
Mundan başga-da, Wan I taraplaryň duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamynda gazanan netijeleri barada hem durup geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, Hytaý we ABŞ söwda hem-de maýa goýum boýunça geňeşlerini döretmek, bazarlara elýeterlilik babatda özara aladalary çözmek we gümrük paçlarynyň özara peseldilmeginiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek barada ylalaşdylar.
Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hem pikir alyşandyklaryny mälim etdi.
