Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda, duşenbe güni Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikanyň ýolbaşçylygyndaky hem-de «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň wekillerin kabul etdi.
Gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygy bellenildi. Bu döwürde «PETRONAS» uglewodorodlary çykarmak we Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça giň göwrümli taslamalary amala aşyrdy, şeýle hem ýurduň nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etdi.
Duşuşykda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýerleri özleşdirmek üçin «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasyndaky önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Malaýziýanyň wekilleri hyzmatdaşlyk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar, döwlet Baştutany bolsa özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça täze anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny belledi.
