
OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulanyjylary üçin möhüm howpsuzlyk funksiýasyny — «Ynamdar kontaktlar» mümkinçiligini hödürledi. Indi emeli aň diňe maslahat bermän, eýsem ýazgy alyşmalarda psihologik krizisiň ýa-da howply hereketleriň alamatlary ýüze çykanda, ulanyjynyň ýakynlaryny wagtynda habardar edip biler.
Bu nähili işleýär?
Ulgam diňe aýratyn ýagdaýlarda, ýagny neýroulgam özüne zyýan ýetirmek howpuny görkezýän alamatlary ýüze çykaranda işjeňleşdirilýär. Algoritm şeýle:
• Duýduryş: ChatGPT ilki bilen ulanyja özbaşdak kömek soramagy teklip edýär.
• Barlag: Duýduryş signaly howpuň hakykatdanam bardygyny tassyklamak üçin OpenAI-niň ýörite howpsuzlyk toparyna iberilýär.
• Habarnama: Eger howp tassyklansa, ynamdar kontakta SMS, elektron poçta ýa-da goşundy arkaly gysgaça habar iberilýär.
Maglumatlaryň gizlinligi we howpsuzlygy
Möhüm taraplaryň biri hem ýazgy alyşmalaryň gizlinliginiň saklanmagydyr. Ynamdar kontakt çatyň taryhyna girip bilmez, skrinşotlary ýa-da sitatalary görmez. Oňa diňe ulanyjynyň howpsuzlygy bilen bagly bolup biljek mesele barada umumy habar iberiler. Bu bolsa şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi bilen gyssagly kömegiň arasynda deňagramlylygy üpjün edýär.
Funksiýa diňe kämillik ýaşyna ýeten ulanyjylar üçin meýletin esasda elýeterlidir. Ony işjeňleşdirmek üçin ýakyn adamyň kontakt maglumatlaryny görkezmek we onuň bir hepdäniň dowamynda tassyklamagy zerurdyr. Ulanyjy doly gözegçiligi saklaýar: ynamdar kontakty islendik wagtda üýtgedip ýa-da funksiýany öçürip bolýar. Bilermenler bilen bilelikde taýýarlanan bu täzelik kyn pursatlarda adamlary goldamaga gönükdirilendir.
ORIENT