Howsala ýerine — agzybirlik. Bulam-bujarlyk ýerine — gudrat we bary-ýogy 180 sekuntda halas edilen bir adam ömri.
Ýekşenbe agşamy Hubeý welaýatynda geçirilen aýdym-saz festiwaly tasdan pajygaly ýagdaý bilen tamamlanypdy. Emma 20 müň tomaşaçy, polisiýa we lukmançylyk işgärleriniň sazlaşykly hereketi netijesinde bir adamyň jany halas edildi. Adamkärçiligiň täsirli pursadyny CCTV+ düşürip, dünýä ýaýratdy.
Bu wakýa Szinçžou şäheriniň köçelerinde boldy. Saz ýaňlanýardy, müňlerçe adam çykyşdan lezzet alýardy — we birden tomaşaçylaryň biriniň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Bir adam huşuny ýitirip, ýere ýykyldy.
Emma adamlar dykylyşyk we dowul döretmegiň deregine, ýol açyp, gapdallara çekilip başladylar. Olar muny edil ýyllar boýy türgenleşen ýaly gaty guramaçylykly etdiler. Lukmanlar gelende, mähelle eýýäm giň geçelge açypdy.
Dron arkaly düşürilen şekillerde haýran galdyryjy pursat görünýär: adamlar deňzi ýatladýan mähelle bolup, götergiçleriň öňünde iki ýana çekilýärler. Olar polisiýa we halas edijiler bilen bilelikde soňra «ýaşaýyş geçelgesi» diýlip atlandyrylan ýoly döretdiler.
Bu bolsa özüniň oňat netijesini berdi. Adamyň ýere ýykylan pursadyndan tä tiz kömek ulagyna ýüklenilýänçä, bary-ýogy üç minut wagt geçdi. «Bu ýoly açmak üçin hemme kişi doly sazlaşykly hereket etdi» — diýip, bolan wakanyň şaýady bolan ýerli jemgyýetçilik işgäri Din I gürrüň berdi.
Waka bolan ýerinde ewakuasiýa işlerine ýolbaşçylyk eden polisiýa işgäri Peý Çžihun «Men darajyk geçelgeden ylgap geçdim we tizden-tiz lukmanlary getirdim. Olar ilkinji kömegi berýärkäler, götergiçleri getirdiler we hassany ulaga geçirdiler. Tutuş amal üç minutdan köp wagt almady» diýip belleýär.
Ýerli ýaşaýjylar we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri mähelläniň bu hereketine ýokary baha berdiler. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, halas edilen adamyň ömri indi howp astynda däl we ol sagalyp barýar.
Üç minut, 20 000 adam we halas edilen bir ömür — saz dymyp, adamkärçilik islendik ses gataldyjydan has gaty ýaňlananda, ine, şeýle zatlar bolýar.