4-nji maýda eýran tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Raşid Meredowyň we Seýed Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dialogyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.
Sebitleýin howpsuzlyk meseleleri maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Diplomatlar häzirki şertlerde öňüni alyş diplomatiýasynyň usullarynyň esasy gural bolmalydygyny nygtadylar.
Taraplar çylşyrymly ýagdaýlaryň we gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diňe syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini we Merkezi Aziýadaky parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ornyny görkezýär.
Hazar meselesi söhbetdeşligiň ähmiýetli bölegini öz içine aldy. Ministrler Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goşunçylyk giňişligi bolup galmalydygy baradaky umumy garaýyşlaryny tassykladylar.
Hazar deňziniň ähli kenarýaka döwletleri üçin ähmiýetli bolan möhüm ekologiýa meselelerini çözmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Raşid Meredow we Seýed Abbas Arakçi DIM-leriň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar, bu bolsa Aşgabadyň we Tähranyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ulgamlaýyn ösdürmäge hem-de halkara gün tertibine dessin seslenmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.
