Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň öňisyrasynda türkmenistanly gahrymanlary hormatlamak maksady bilen Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere döwlet Baştutanynyň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Permanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi nygtalýar. Şu günki günde weteranlar ýurduň durmuşyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşmagy dowam etdirýärler, ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde möhüm işleri alyp barýarlar. Olaryň durmuş tejribesi halkyň agzybirligini pugtalandyrmakda we giň gerimli döwlet özgertmelerini amala aşyrmakda daýanç bolup hyzmat edýär.
Sowgatlary gowşurmak boýunça dabaraly çäreleri guramak Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň, şäherleriniň we etraplarynyň häkimliklerine tabşyryldy. Bu duşuşyklar 1941–1945-nji ýyllaryň esgerleriniň we zähmetkeşleriniň görkezen edermenliginiň halkyň mukaddes gymmatlygy bolup galýandygynyň, ýaş uly nesil baradaky aladanyň bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
