Uçžende uçarmansyz enjamlar maý baýramlarynyň iň köp ulagly döwründe polisiýa ýol hereketini dolandyrmaga kömek edýär
Hytaýyň ajaýyp tebigy ýerlerine millionlarça syýahatçy gezelenje barýarka, bir gadymy şäher dyknyşyklara garşy göreşde göni asmanda garaşylmadyk kömekçini tapdy. Bu ýer gündogar Hytaýyň Çžeszýan welaýatynda ýerleşýän gadymy suw şäheri Uçžen bolup durýar. Dronlaryň maý baýramlarynda ýol hereketini nädip ýeňilleşdirýändigi barada CCTV+ habar berýär.
1–5-nji maý aralygynda dowam edýän bäş günlük baýramçylyk bu owadan şähere köp sanly myhmany çekdi. Ulag akymynyň güýçlenmegine garşy göreşmek üçin ýerli häkimiýet edaralar polisiýa ýol hereketini sazlamaga kömek etmek maksady bilen drony işe girizdiler.
Uçarmansyz enjam oturdylan dinamik bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol sürüjilere hakyky wagt tertibinde maglumat berýär: boş awtoduralgalary tapmaga kömek edýär, dyknyşyklardan gaça durmagy maslahat berýär hem-de bikanun duralgalaryň öňüni alýar. Bularyň ählisi şäheriň esasy syýahatçylyk ýerlerinde ulag hereketiniň bökdençsiz bolmagyna ýardam edýär.
Tunsýan jemgyýetçilik howpsuzlygy býurosynyň Ýol hereketini dolandyrmak brigadasynyň Uçžen bölüminiň kapitany Bu Ýaliniň aýtmagyna görä, adaty adamlar we wideo kameralary ýaly gözegçilik bilen deňeşdirilende dron has giň gözegçilik meýdanyna eýe bolup, has uly çägi gözegçilikde saklap bilýär. Onuň bellemegine görä, bu ýagdaý ýol hereketini dolandyrmagyň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar.