Germaniýada demografik ýagdaý howply derejä ýetdi. Wisbaden şäherindäki Federal statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda takmynan 654 300 çaga dünýä indi, bu bolsa 1946-njy ýyldan bäri iň pes görkeziji bolup durýar. Dogluş derejesiniň peselmegi yzly-yzyna dördünji ýyl dowam edýär.
Geçen ýylda ölüm derejesi ep-esli derejede dogluşdan ýokary boldy: aradan çykanlaryň sany bir milliondan geçdi. 352 müň adamlyk tapawut uruşdan soňky döwürde iň uly dogluş ýetmezçiligi boldy. Ýagdaýy has hem kynlaşdyrýan zat — häzirki wagtda çaga dogurýan ýaşdaky ilatyň 1990-njy ýyllarda doglan az sanly nesil bolmagydyr.
Mundan başga-da, maliýe kynçylyklary esasy faktorlaryň biridir. Soraglara görä, Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň 55%-i çagalar üçin çykdajylary “göterip bolmajak” diýip hasaplaýar. Maşgalany giňeltmegiň öňündäki esasy päsgelçilikler hökmünde ýaşaýyş jaýynyň, azyk önümleriniň we energiýanyň bahalarynyň ýokarlanmagy, ýokary salgytlar we sosial tölegler, şeýle hem çaganyň dünýä inmeginden soň doly däl iş wagtyna geçilmegi sebäpli girdejiniň azalmagy görkezilýär.
Dogluş derejesiniň peselmegi gündogar federal ýerlerde (–4,5%) günbatara (–3,2%) garanyňda has güýçli boldy. Iň uly peselme Meklenburg-Öňki Pomeraniýada (–8,4%) hasaba alyndy, şol bir wagtyň özünde Gamburg az mukdarda ösüş görkezýän ýeke-täk sebit boldy. Şuňa meňzeş ýaramaz ýagdaý Fransiýada, Italiýada we Şwesiýada hem syn edilýär, emma Ispaniýada we Niderlandlarda ýagdaý durnuklaşyp başlady.
ORIENT
