“Missiýa ýerine ýetirildi” — Hançžou şäheriniň köçelerinde bolup geçýän wakalary başgaça atlandyryp bolmaz. Hytaýda ilkinji gezek ýörite tabşyryga adamlar däl-de, robot-düzgünleşdirijiler çykdy. On bäş sany enjam — ýol yşyklar bilen sinhronlaşdyrylan, algoritmler we sesli buýruklar bilen üpjün edilen — maý baýramçylyklarynyň gyzgalaňly günlerinde ýol hereketini gözegçilik astyna aldy. Syýahatçylar haýran, düzgün bozujylar bolsa gözegçilikde. Millionlarça adamyň akymyny dolandyrmak missiýasy… ýerine ýetirildi.
Bu barada CCTV+ şeýle habar berýär:
Gündogar Hytaýyň Çžeszýan welaýatynda ýerleşýän gözel Hançžou şäheri bäş günlük maý baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda köp sanly syýahatçylary kabul edýär we şäheriň köçelerine ýol hereketini dolandyrmakda we myhmanlara hyzmat etmekde kömek etmek üçin akylly robot-düzgünleşdirijiler topary çykaryldy.
Anna güni — baýramçylygyň ilkinji gününden başlap, Hançžou şäheriniň dürli ýerlerinde, şol sanda esasy syýahatçylyk merkezlerinde we söwda zolaklarynda, jemi on bäş sany akylly robot-düzgünleşdiriji ýerleşdirildi.
Ýurtda ilkinji gezek döredilen şeýle ýörite “polisiýa topary” ýol polisiýasynyň işgärleriniň ýüküni ýeňletmek we millionlarça syýahatçy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen işe girizildi.
Robotlara ýakynlaşan pyýadalar olaryň sensorly interfeýsi arkaly aragatnaşyk gurup bilýärler. Mysal üçin, bir syýahatçy meşhur Günbatar kölüne nädip barmalydygyny soranda, robot derrew maslahat berilýän ugry görkezdi.
Syýahatçylara kömek etmek olaryň görünýän wezipesi bolsa-da, robotlaryň esasy maksady ýol hereketini dolandyrmak bolup galýar. Tiuýçan we Ýanan köçeleriniň çatrygynda robotlar ýerli ýol yşyk dolandyryş ulgamy bilen sazlaşykly işläp, ulaglara gitmek, durmak ýa-da öwrülmek barada duýrduryş berýärler.
Bir syýahatçy şeýle diýdi: “Meniň ilkinji täsirlerim — bu tehnologiýanyň näderejede öňdebaryjydygy”.
Ýerli ýaşaýjy bolsa şeýle belledi: “Bu örän gowy pikir diýip hasaplaýaryn. Bu ýerde pyýadalar gaty köp. Diňe adam polisiýa işgärlerine bil baglamak örän kyn bolardy. Akylly, tehnologiki taýdan ösen şäher hut şeýle bolmaly”.
Ýokary netijeli wizual tanamak algoritmleri bilen üpjün edilen robotlar ýol hereketiniň giňden duş gelýän düzgün bozulmalaryny, mysal üçin, welosiped sürüjileriniň çatryklarda çyzygy basyp geçmegini ýa-da motosikl sürüjileriniň şlemsiz bolmagyny ýüze çykaryp bilýärler. Şeýle ýagdaýlarda robotlar sypaýy, emma berk ses bilen duýduryş berýär.
Ýol polisiýasynyň işgäri Çen Sançuan täze tehnologiýanyň amaly peýdalaryny belläp geçdi:
“Robotlar zarýad edilenden soň uzak wagtlap işläp bilýärler. Olar biziň hakyky dolandyryş zerurlyklarymyza laýyklykda ýerleşdirilýär. Gijelerine jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi pes bolansoň, biz olary esasan irden we agşamky gyzgalaňly sagatlarynda, şeýle-de söwda etraplarynda işjeňligiň artan wagtynda günortan töwereginde işe girizýäris. Olar biziň bilen bilelikde gözegçilik edýärler we ýol hereketini has netijeli dolandyrmaga kömek edýärler”.
Hançžou şäheriniň Jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirliginiň Ýol hereketi bölüminiň işgäri Sao Linçžiniň sözlerine görä, ulgam “ýapyk aýlawly dolandyryş” protokoly boýunça işleýär. Ol şeýle diýdi:
“Biz jogap aragatnaşykly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrdyk. Eger-de robot tarapyndan üç gezek sesli duýduryş berilenden soň hem düzgün bozulma dowam etse, ýagdaý awtomatiki taýdan içerki ulgama ýazylýar we ýol hereketini dolandyrmak bölüminiň duýduryş merkezine iberilýär. Soňra degişli toparlar ýagdaýy gaýtadan seljerip, indiki çäreleri kesgitleýärler. Baýramçylyklardan soň bu robotlary zerurlyga görä gündelik nobatçylyk ulgamymyza goşmagy meýilleşdirýäris”.