Knight Frank agentliginiň “The Wealth Report 2026” hasabatyna görä, Türkiýede aşa baý raýatlaryň sanynyň çalt artmagy hasaba alyndy. Soňky bäş ýylyň dowamynda baýlygy 30 million dollardan ýokary bolan adamlaryň sany takmynan iki esse artdy — 2174 adamdan 4208 adama çenli.
Türkiýe baý adamlaryň sanynyň ösüş depgini boýunça dünýäde üçünji orny eýeledi. Ol diňe Polşadan (109%) we Katardan (107%) yza galdy. Deňeşdirmek üçin, şol döwürde dünýä boýunça şeýle baý adamlaryň sanynyň umumy ösüşi 29% boldy. Bilermenler 2031-nji ýyla çenli Türkiýede multimillionerleriň sanynyň 4772 adama ýetjekdigini, milliarderleriň sanynyň bolsa üçden bir bölege golaý artjakdygyny — 35-den 46 adama çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.
Hususy baýlygyň artmagyna garamazdan, ýurtda girdejilerde uly tapawut saklanyp galýar:
— Baýlygyň jemlenmesi: Türkiýäniň iň baý 1% raýatlary ýurduň umumy baýlygynyň 38,1%-ine eýelik edýär, ilatyň iň garyp ýarysy (50%) bolsa bary-ýogy 2,8%-ine eýedir.
— Aşa ýokary girdejiler: Ortaça milliarder adaty işgäriň ýyllyk girdejisini bary-ýogy 19 minudyň dowamynda gazanýar.
— Gender tapawudy: Zenanlaryň zähmet girdejisi erkekleriň girdejisiniň diňe 41%-ine deňdir.
Forbes 2026 sanawynyň liderleri
Ýurduň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdebaryjy orny öňküsi ýaly Murat Ülker (Yıldız Holding) eýeleýär — onuň baýlygy 5,2 milliard dollar. Şeýle hem ilkinji üçlüge Jemil Kazançy (Aksa Enerji) — 4,9 milliard dollar we Erman Ylyjak (Rönesans Holding) — 3,7 milliard dollar girdi.
ORIENT
