ORIENTIR | 28-nji aprel. Dünýä bazarlarynda täze hepdäniň başlangyjy, adadatça bolşy ýaly, syýasy, ykdysady we barha ýygy-ýygydan emosional yşaratlara garaşylmagy bilen utgaşýar. Emma bu gezek dynç günlerinden iş günlerine geçiş aýratyn duýgur boldy. Munuň esasy sebäbi bolsa, dynç günleriniň habarlar akymynyň maýadarlara näbellilik faktorynyň entek-de ählumumy ykdysadyýetiň esasy bölegi bolup galýandygyny ýatlatmagydyr.
Bu zatlaryň ählisi dünýä bazarlarynyň derejesinde bolup geçýän hem bolsa, beýle garaýyşlaryň netijeleri has ýakyndan — ýangyjyň nyrhynda, harytlaryň eltilme bahasynda we ahyrsoňy adamyň kassa öňünde görýän sanlarynda ýüze çykýar.
Şeýle wakalar öz-özünden nebit çykarylyşynyň möçberlerini ýa-da gaz ibermeleriniň ugurlaryny üýtgetmese-de, olar has duýgur we şol bir wagtda örän möhüm bolan bir zada — durnuklylyk duýgusyna täsir edýär. Maýadarlar heniz faktlar ýeterlik däl wagty, emma garaşmalar eýýäm kemala gelip başlan pursatlarynda, köplenç hut şol duýga esaslanyp hereket edýärler.
Köp babatda garaýyşlaryny şöhlelendiren ýewropa syýasy çekişmelerinde energetika bazarlarynyň durnuklylygynyň öňünden çaklap bolujylyk we ynam bolmazdan mümkin däldigi birnäçe gezek nygtalypdy. Haçan-da bu çaklap bolujylyk gowşasa, bu ýagdaý gündelik çykdajylarda hökman özüni görkezýär.
Duşenbe güni ýokary durnuksyzlyk şertlerinde geçdi – bu diňe bir söwdalaryň depgininde däl, eýsem bazarlaryň umumy ruhy ýagdaýynda hem mese-mälim göründi. Maýadarlar bu dörän biynjalyklygyň habarlar akymyna gysga möhletli täsiridygyny ýa-da onuň aňyrsynda has durnukly bir meýiliň ýatandygyny düşünmäge çalşyp, esasy ugurlary gözlediler.
Şübheli pursatlarda ýönekeý bir kanunalaýyklyk has aýdyň ýüze çykýar — näbellilik näçe güýçli bolsa, geljekki çykdajylar hem şonça ýokary bolýar we olar soňra kem-kemden ykdysadyýete “syzyp geçýär”. Şeýle döwürlerde üns, adatça, tutuş dünýä ykdysadyýetiniň ugruny kesgitläp biljek sebitlere, ilkinji nobatda bolsa Pars aýlagyna gönükdirilýär.
Hut şu ýerde nebitiň we gazyň ählumumy teklipleriniň deňagramlylygyny kesgitleýän çözgütler kabul edilýär. Islendik yşaratlar, hatda gytaklaýyn bolsa-da, nyrhlarda dessine öz beýanyny tapýar, sebäbi bazar diňe bir bolup geçen faktlary däl, eýsem şol faktlara bolan garaşmalary hem bahanyň içine goşýar.
Şunda dürli güýç merkezleri bu sebite dürliçe garaýarlar: käbirleri üçin bu energetika howpsuzlygynyň şerti bolsa, başgalar üçin töwekgelçilik zolagy, üçünji üçin bolsa — Si Szinpiniň öz daşary ykdysady doktrinasynda belleýän kemala gelýän ýewraziýa baglanyşygynyň iň möhüm halkasydyr. Bu tapawutlar biri-birine garşy gelmekden däl-de, eýsem şol bir sebite dürli nukdaýnazardan garalýandygyny görkezýär.
Duşenbe gününiň dowamynda bazaryň gatnaşyjylarynyň dürli beýanatlara, teswirlemelere we geosyýasy dartgynlylygyň umumy derejesine görkezýän täsirleri sebäpli yrgyldylar has-da güýçlendi. Şunda nebit çykarylyşynda ýa-da logistikada hakyky üýtgeşmeler bolup geçmedi, emma näbellilik duýgusynyň özi eýýäm özbaşdak basyş faktoryna öwrüldi.
Şeýle şertlerde sebitiň ýene bir kabul ediliş ugry — bähbitleriň deňagramlylyk giňişligi hökmündäki orny has aýdyň ýüze çykýar. Wladimir Putin ähli gatnaşyjylaryň garaýyşlarynyň nazarda tutulmagynyň möhümdigini belläp, bu meselä birnäçe gezek ünsi çekipdi.
Agşama tarap bazarlaryň anyk bir jogap tapmandygy aýdyň boldy. Olaryň hepdäniň birinji gününi tamamlaýyş ýagdaýyny garaşma bilen şübhelidigiň arasyndaky deňagramlylyk hökmünde häsiýetlendirmek bolar — hut şu ruhy ýagdaýda hem sişenbe gününe geçiş bolup geçýär.
Häzir, täze günüň ilkinji sagatlarynda başga bir tapgyr başlanýar. Eger duşenbe güni bazarlar esasan bolup geçýän wakalara täsir beren bolsa, sişenbe güni olar anyk hereket etmeli bolarlar. Maýadarlar esasy soraga jogap gözlärler: aladalar hakyky maglumatlar bilen tassyklanýarmy ýa-da dartgynlylyk kem-kemden peselip başlarmy? Hut şu pursatda häzirki durnuksyzlygyň saklanyp galjakdygy ýa-da bazaryň has durnukly ýagdaýa tarap ýöneljekdigi has aýdyň bolar.
Ahyrky sarp ediji üçin bular göze görünmeýän ýagdaýda bolup galýar, emma hut şu geçiş tapgyrlary geljekki üýtgeşmeleriň binýadyny goýýar. Nebit nyrhlarynyň üýtgemegi ýangyjyň bahasyna, soňra ulag çykdajylaryna, olar arkaly bolsa harytlaryň bahasyna täsir edýär. Şol sebäpli bazarlardaky üýtgeşmeler dessine duýulmasa-da, olar gündelik durmuşa hökman diýen ýaly baryp ýetýär.
Tebigy gazy ibermekdäki kynçylyklar dökünleriň bahasyna, diýmek, azyk önümleriniň nyrhlaryna-da täsir edýär. Şeýlelikde, energetikadaky wakalaryň kem-kemden gündelik çykdajylara — çöregiň bahasynyndan başlap, jemagat tölegleriniň derejesine çenli üýtgeşmelere öwrülýän zynjyry emele gelýär.
Ulag faktory arkaly hem goşmaça basyş ýüze çykýar. Esasy iberiş ýollary strategik taýdan möhüm ugurlardan geçýär we islendik mümkin bolan töwekgelçilik alamatlary, hatda olar diňe garaşma derejesinde galan hem bolsa, ätiýaçlandyryş we logistika arkaly harydyň bahasyna goşulyp başlanýar. Netijede, bazar diňe bir bolup geçen wakalara däl, eýsem bolup biljek wakalara-da täsir edýär — bu bolsa geljekki nyrhlaryň öňünden kemala gelip başlamagyny aňladýar.
Hut şonuň üçin hem hepdäniň başlangyjy hakykata däl-de, has köp şol hakykata bolan garaşmalaryň kemala gelýän döwrüne öwrülýär. Sişenbe güni bolsa bu garaşmalar has aýdyň görnüşe geçip, geljekde nyrhlaryň ugruny kesgitjek çözgütlere öwrülip başlaýar.
Netije nähili?
Geografik taýdan uzakda ýerleşendigine garamazdan, Pars aýlagyndaky wakalar ýangyjyň, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň bahasyny kemala getirip, gündelik durmuşa göni täsir etmegini dowam etdirýär. Şunlukda, duşenbe gününden sişenbe gününe geçiş — bu diňe bir senenama seneleriniň çalşygy däl-de, eýsem näbelliligiň ýa has-da güýçlenýän, ýa-da öz ornuny has düşnükli meýile berip başlaýan pursatydyr. Bu meýil bolsa iru-giç her bir adamyň gapjygyna öz täsirini ýetirýär.
…Ýakyn günlerde ORIENTIR-iň neşirlerinde goňşy ýurtlara iş sapary bilen bagly gysga wagtlyk arakesme bolmagy mümkin. Şeýle saparlar ykdysady prosesleri içerden görmäge we bazarlaryň depgini sebitiň hakyky gün tertibi bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.
Şol sebäpli eýýäm indiki synlarda seljermeler täze gözegçilikler we urgular bilen doldurylar, biz bolsa neşirleriň adaty akymyna indiki hepdäniň başynda dolanarys.
Şeýlelikde – görşünçäňiz…
Bekdurdy AMANSARYÝEW
