Microsoft Windows 11-iň täze ýygyndysyny (26200.8313) hödürledi. Bu täzelenmede ýalňyşlyklary düzetmek bilen bir hatarda, oýunlara we emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilen birnäçe täze funksiýalar girizildi.
Esasy täzelikleriň biri — Xbox Mode tertibi. Bu oýunlar bilen özara gatnaşygy ýeňilleşdirýän doly ekran interfeýs bolup, Win+F11 düwmeleriniň utgaşmasy arkaly işjeňleşdirilýär. Bu çözgüt adaty kompýuterler bilen bir hatarda, ROG Ally ýaly göçme oýun enjamlaryna hem uýgunlaşdyrylandyr.
Şeýle-de ulgama içerki emeli aň agenti goşuldy. Ol gözleg häsiýetli fon meselelerini ýerine ýetirip, tamamlanandan soň ulanyja habarnama iberýär. ChatGPT we Gemini ýaly daşarky emeli aň hyzmatlaryndan tapawutlylykda, bu agent Windows ulgamyna doly integrirlenip, Microsoft-yň bulut infrastrukturasyna, şol sanda OneDrive bilen baglanyşyklydyr.
Emeli aň agentine giriş Microsoft 365 Copilot abunaçylygynyň çäginde üpjün edilýär. Bu tehnologiýa MCP protokoly esasynda döredilip, üçünji tarap işläp düzüjilere öz çözgütlerini Windows ekoulgamyna goşmak mümkinçiliklerini açýar.
Täzelenme “Geçiriji” ("Prowodnik") programmasynyň işiniň optimizasiýasyny, interfeýsiň tiz jogap bermegini we birnäçe ulgam ýalňyşlyklarynyň, şol sanda wizual näsazlyklaryň hem-de programmalar awtozagruzkada haýal işe düşmeginiň düzedilmegini öz içine alýar.
ORIENT
