Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bilelikde Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Hytaý Halk Respublikasyndan okuwçylaryň 170-si gatnaşdy. Bu halkara olimpiada gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetler halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 198-si, şeýle hem açylyş dabarasyna takyk bilim ugry boýunça ýurdumyzyň ussat mugallymlary bilen bir hatarda, ady agzalan ýurtlardan gelen mugallymlaryň 28-si, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Нalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplaryndan we tejribeli mugallymlardan ybarat bolan habarçylar toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasynyň eýwanynda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, mekdep durmuşy we okuwçy ýaşlaryň üstünlikleri, taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlary, kitaplar bilen tanyşdyrýan özboluşly sergi hem guraldy.
Dabarada türkmen dilinde hem-de bäsleşige gatnaşyjy döwletleriň dillerinde ýaňlanan aýdymlar sungatyň dilinde halklaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmäge çagyryşyň belent nusgasy bolup ýaňlandy.

Olimpiada gatnaşyjylar yglan edileninden soňra, myhmanlar gutlag sözi bilen çykyş etdiler we türkmen topragynda gyzgyn garşylanandyklary üçin ýürek sözlerini beýan etdiler. Dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň ýolbaşçysy – fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti O.Annaorazow gutlag sözi bilen çykyş edip, olimpiada gatnaşyjylara uly üstünlik arzuw etdi.
Şeýle hem, oliampiadany A we B derejelerde geçirmegiň meýilleşdirilendigini, A derejede 15,5 ýaşdan ýokary – 20 ýaşa çenli okuwçylaryň, B derejede bolsa, ýaşy 15,5-dan geçmedikleriň çykyş etjekdigini belledi. Çykyşlaryň barşynda olaryň ýolbaşçy mugallymlary bäsleşigiň guralyşyna ýolbaşçylyk ederler.

Mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhuny günortanlyk nahardan soň, daşary ýurtlardan gelen okuwçylaryň paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna we Bitaraplyk muzeýine baryp görmekleri bilen dowam etdi. Merjen şäherimiziň owadanlygy, arassalygy, köçeleriň we olaryň ýantaraplaryndaky ösüp oturan pürli, saýaly agaçlaryň, näzijek gülleriň tämizligi, güneşli asman myhmanlarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.
Mekdep okuwçylarynyň III Halkara matematika olimpiadasy 13-nji apreline çenli öz işini dowam eder.
ORIENT
