Mart aýynda Hytaýyň elektromobil öndürijisi BYD «Flash Charging» ulgamyny işe girizdi. Ol sürüjilere awtomobilleriniň batareýasyny bary-ýogy dokuz minudyň içinde 97 göterime çenli zarýad bermäge mümkinçilik berýär.
Uzak wagtlap zarýad beriş beketlerinde garaşmak köp elektromobil eýeleri üçin esasy mesele boldy. Täze ulgam bu ýagdaýy üýtgedýär: ol öňki zarýad beriş tizliginiň çäklendirmelerini aradan aýyrmak üçin ýokary woltly enjamy ulanýar. Bu uzak aralyklara syýahat etmek üçin şertleri has-da gowulandyrýar.
Elektromobilleriň biriniň eýesi tomusyna zarýad berişiň has-da çaltlaşmalydygyny belledi — sebäbi batareýanyň gyzmagy üçin wagt gerek bolmaýar. Bir käse kofe içýänçän awtomobil ýene 600 kilometr ýol geçmäge taýýar bolar.
Elektrik ulgamyna artykmaç agram salmazdan şeýle çalt zarýad bermegiň syry — ýörite energiýa saklaýyş ulgamyndadyr. Ol uly göçme akkumulyator ýaly işleýär: ulanylmaýan wagtynda elektrik energiýasyny bildirmeden ýygnaýar we awtomobil zarýada goýlan wagty ony awtomobile berýär.
Işe giriziliş dabarasynda BYD-niň esaslandyryjysy we başlygy Wan Çuanfu täze çalt zarýad beriş bekediniň adaty köpçülikleýin zarýad beriş beketleri bilen deňeşdirilende energiýany ulanmakda on esse ýokary netijelilik üpjün edýändigini mälim etdi.
Kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli 20 000 sany çalt zarýad beriş bekedini gurnamagy meýilleşdirýär. Şäherlerde sürüjiler her bäş kilometrden şeýle bekedi tapyp bilerler.
Häzirki wagtda Hytaýda 21 milliondan gowrak zarýad beriş bekedi bar we olaryň sany her ýyl takmynan 50 göterim artýar. Bu giň ulgam ýurtda täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän 40 million awtomobili goldaýar.