
ORIENT│Tehnologiýa. Amerikan astronawtlary 2-nji aprelde “Artemis II” missiýasynyň çäklerinde Aýa bararlar. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Truth Social sosial ulgamynda habar berdi: “50-den gowrak ýylyň içinde Amerika ilkinji gezek Aýa dolanyp barýar”.
Missiýa çuň kosmosy öwrenmek maksatnamasynyň bölegi bolup, astronawtlaryň Ýeriň tebigy hemrasyna barmagyny göz öňünde tutýar.
Ozal, 2-nji fewralda, NASA Kanaweral (Florida ştaty) burnundaky kosmodromynda Orion kosmos gämisinde missiýanyň uçuşynyň jemleýji taýýarlygyny geçirdi. Taýýarlygyň çäklerinde SLS raketa göterijisi kriogen ýangyç bilen dolduryldy, raketanyň we gäminiň ähli ulgamlary barlanyldy, şeýle hem soňky ýangyç dökme bilen startdan öňki amallary işlenildi.
Artemis II uçuşyny aşakdaky salgy arkaly görüp bolýar:
https://naked-science.ru/article/live/live-artemis-ii
ORIENT