Şenbe güni Gonkongda The Range (Gonkong) kompaniýasynyň Sandy Ridge maglumat merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 42 aýdan soň ulanylmaga berilenden soň, onuň Gonkongyň ýörite dolandyryş sebitindäki iň uly hasaplaýyş toplumy bolmagyna garaşylýar.
Dabara 300-den gowrak pudagyň hünärmenleri we hyzmatdaşlary gatnaşdy.
Takmynan 110 000 inedördül metr meýdany eýeleýän bu maglumat merkezi Gonkongyň demirgazyk böleginde ýerleşer. Çaklamalara görä, ol ilkinji üç ýylyň dowamynda 4,6 milliard Gonkong dollaryny (takmynan 588 million ABŞ dollary) girdeji hökmünde getirip, tehnologiýa pudagynda 180 iş ornuny döreder. 2032-nji ýyla çenli onuň hasaplaýyş kuwwatynyň 180 eksaflopsa ýetmegine garaşylýar, bu bolsa häzirki Gonkongyň kuwwatyndan 36 esse ýokarydyr.
Maglumat merkeziniň Şençžen şäherine ýakyn ýerleşmegi ony Guandun–Gonkong–Makao Uly aýlag sebitindäki maglumat pudagynyň ösüş zynjyrynda möhüm orna eýe edýär. Bu bolsa onuň Gonkongda emeli aňyň ösüşi üçin güýçli itergi beriji bolup biljekdigini görkezýär diýip, Gonkong hökümetiniň innowasiýa, tehnologiýalar we senagat boýunça sekretary Sun Dun düýbüni tutmak dabarasynda aýtdy.
Range Intelligent Computing Technology Group Company Limited kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Çžou Çaonan Gonkongyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we giň hünärmenler ätiýaçlygynyň şeýle kompaniýalaryň bu ýere gelmeginiň esasy sebäpleriniň biridigini aýtdy.
Onuň bellemegine görä, Range kompaniýasy Sandy Ridge taslamasyny ýurduň öňdebaryjy ylmy-tehniki innowasiýa klasterleriniň birine öwürmek ugrunda iş alyp barar.