Eýýäm dokuz ýyl bäri «ORIENT» habarlar portaly size takyk, barlanan we möhüm maglumatlary ýetirip gelýär. Biz - saýlawyňyz we bildiren ynamyňyz üçin her bir okyjymyza minnetdarlyk bildirýäris.
Biziň bilen bolanyňyz üçin sag boluň. Bu ýyllaryň dowamynda hut siziň ynamyňyz biziň esasy söýegimiz boldy.
«Orient» — bu diňe bir habarlar däldir. Bu töweregimizde bolup geçýän wakalaryň hakyky ýagdaýy, seljermesi we dogruçyl beýanydyr.
Tehnologiýalaryň we emeli aňyň çalt ösýän häzirki zaman dünýäsinde wagtyň bilen aýakdaş gitmek we maglumatlary öz wagtynda almak örän möhümdir. Bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üstüne aýratyn uly jogapkärçilik düşýär.
Biziň bilen galyň — biz bilelikde has köp zady göreris, has köp maglumat öwreneris we geljegiň möhüm maglumat giňişligini bilelikde dörederis.
Şu şanly sene mynasybetli «Orient» redaksiýasy seminar geçirýär, tema: «Döwrebap žurnalistikanyň esaslary»
Seminarymyz işe täze başlaýan habarçylar, žurnalistler we maglumat bilen işlemek ukyplaryny ösdürmek isleýänleriň hemmesi üçin.
Seminarda döwrebap žurnalistikanyň esasy ýörelgeleri, şol sanda maglumatlaryň hakykylygyny barlamak, çeşmeleri seljermek we maglumaty okyjylara dogry ýetirmek ýaly meselelere serediler.
Çykyş edýänler:
Seýli Aryşow
Enejan Kepbanowa
Senesi: 29.03.2026
Wagty: 11:00
Kimler üçin:
— talyplar
— telekeçiler
— mediýa bilen gyzyklanýanlaryň hemmesi
Maglumat bilen işlemek ukyby — geljegiň iň esasy endikleriniň biridir.
Täze bilimleri we hünär gurallaryny öwrenmek pursadyny elden gidirmäň.
Habarlaşmak üçin:
+993 62 18-68-80
Salgysy: S.Türkmenbaşy şaýoly, № 81, TSTB-niň binasy.
Giriş tölegsiz.
ORIENT
