
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ähli ýurtlardan import edilýän harytlar üçin 10% paç girizmegi göz öňünde tutýan permana gol çekendigini habar berdi.
Ol Truth Social sosial ulgamynda: «Men häzir Tegelek otagymda ähli ýurtlara degişli global paçlar baradaky permana gol çekdim. Ol dessine diýen ýaly güýje girer», diýip ýazdy.
Ondan öň amerikan prezidenti Ak tam tarapyndan girizilen köp sanly paçlaryň ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti tarapyndan bikanun diýip yglan edilmeginden soň şeýle tabşyrygy berjekdigini duýdurypdy.
Tramp munuň üçin 1974-nji ýyldaky söwda baradaky kanunyň bir düzgüninden peýdalanandygyny aýtdy. Ol düzgün prezidente şeýle paçlary girizmäge ygtyýar berýär, ýöne diňe 150 gün möhlet bilen. Soňra bu çäreleri saklamak üçin ABŞ-nyň Kongresiniň razylygy talap edilýär.
Şol bir wagtda The New York Times gazetiniň bellemegine görä, bu meseläni Kongres bilen utgaşdyrmak kyn bolmagy ähtimal: noýabrda meýilleşdirilen aralyk saýlawlaryň öňüsyrasynda köp kongresmen saýlawçylaryň arasynda meşhur bolmadyk paçlary saklamagy islemän biler.
Anna güni ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde 1977-nji ýylda kabul edilen halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar baradaky kanunyň (IEEPA) döwlet baştutanyna şeýle import paçlaryny girizmäge hukuk bermeýändigi baradaky netijä gelindi.