Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy

27.01.2026|23:25|
1989
ambassador-turkmenistan-met-director-institute-diplomacy-mfa-state-qatar
Surat çeşmesi: Embassy of Turkmenistan in Qatar

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammed Al-Horr bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem-de Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çäreler we ylmy maslahatlar barada belledi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasyndaky ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň hem-de täze maksatnamalaryň üssünde işlemegiň ýollary barada maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Katardaky Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammed Al-Horr

ORIENT