Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

17.12.2025|22:10|
1901
astrahan-dowlet-uniwersitetinde-turkmenistanyn-garassyzlygynyn-34-yyllygy-mynasybetli-care-gecirildi
Surat çeşmesi: Türkmenistanyň RF-daky Konsullygy (Astrahan ş.)

2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygynyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy hem-de uniwersitetiň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

АГУ музыкально-культурное мероприятие

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan möhüm üstünlikler, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilen özgertmeler barada çykyş etdiler.

АГУ музыкально-культурное мероприятие посвящённое к 34-летию Независимости Туркменистана

Çykyş tamamlanandan soňra, talyplaryň ýerine ýetirilmegi bilen türkmen halk aýdymlarynyň we dep, dutar, gopuz hem-de tüýdik milli saz gurallarynda sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen çäre dowam etdirildi. Şeýle-de, çärede türkmen milli tansy “Küştdepdi” ýerine ýetirildi.

АГУ имени В.Н. Татищева музыкально-культурное мероприятие посвящённое к 34-летию Независимости Туркменистана

ORIENT