Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy.
Sylaglary gowşurmak bilen bagly Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, dünýä derejeli sport ýaryşlarynda altyn medala mynasyp bolan türgenler we olaryň tälimçileri 2025-nji ýylda goýberilen «Toyoto Camry» kysymly ýeňil awtoulagy, kümüş medala mynasyp bolan türgenler 70 müň manat, bürünç medala mynasyp bolan türgenler 40 müň manat, dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş we bürünç medala eýe bolan türgenleri taýýarlan tälimçiler bolsa 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglandy.
Ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda gazanan uly üstünlikleri hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň bitiren hyzmatlary nazara alnyp, dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orna we kümüş medala mynasyp bolan okuwçylar 70 müň manat, üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan okuwçylar 40 müň manat, birinji orna we altyn medala mynasyp bolan talyplar 100 müň manat, ikinji orna we kümüş medala mynasyp bolan talyplar 70 müň manat, üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan talyplar 40 müň manat, dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary, talyplary taýýarlan mugallymlar 100 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
